“MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMEN WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MERTLIK, WATANSÖÝÜJILIK, ADAMKÄRÇILIK ÝÖRELGELERI” ATLY HALKARA FORUMY

“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasyna” laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda 2021-nji ýylyň 31-nji martynda halkara onlaýn forumy geçiriliýär.  

Halkara forumynyň umumy mejlisi Türkmenistanyň Söwda‑senagat edarasynda dabaraly ýagdaýda açylmagy we ýokary derejeli daşary ýurtly alymlaryň we bilermenleriň çykyş edilmegi meýilleşdirilýär.

Halkara onlaýn forumynyň işine dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan daşary ýurtly spikerleriň 70-den gowragy, ýurdumyzyň alymlarynyň, professor-mugallymlaryň 130-dan gowragynyň aşakdaky bölümler boýunça gatnaşmagyna garaşylýar.

 


I BÖLÜM

ORTA ASYRLAR DÖWRÜNIŇ MEDENIÝETINIŇ, YLMYNYŇ, EDEBIÝATYNYŇ HEM-DE SUNGATYNYŇ ADAMZADYŇ RUHY-MEDENI ÖSÜŞINE ÝETIREN TÄSIRI

Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

 

II BÖLÜM

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORMATLY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATYNYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNDAKY ORNY

Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty         

 

III BÖLÜM

MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMENIŇ EDEBI MIRASY WE MILLI TERBIÝÄNIŇ KÖKLERI

Geçirilýän ýeri: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

 

IV BÖLÜM

TÜRKMEN WE HINDI HALKLARYNYŇ MEDENI-TARYHY GATNAŞYKLARY: ÇUŇŇUR KÖKLER WE HÄZIRKI ZAMAN MÜMKINÇILIKLERI

Geçirilýän ýeri: Halkara ynsanperwer we ösüş uniweristeti

 

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 31-nji marty